“Arkadagyň eserleri ömrümize nur çaýýar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 52-nji orta mekdepde “Arkadagyň eserleri ömrümize nur çaýýar” ady bilen göçme sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplarynyň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. «Sözi paýhas bezär, sazy-sungat» diýen nakyla eýerýän halkymyz ähli döwürlerde-de pederlerimiziň parasatly sözlerine, öwüt-ündewlerine uly sarpa goýup, olary çaga terbiýesinde ulanyp gelipdirler. Ata-babalarymyzyň paýhas eleginden eýlenen bu dürdäne sözler nesillerimize dogry ýoly salgy berip, hemişe beýik işlere ruhlandyrýar diýip belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.