Magtymguly Pyragy – söz şalygynyň soltany


Magtymguly Pyragy – söz şalygynyň soltany



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Magtymguly Pyragy – söz şalygynyň soltany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy bolup, şahyryň giň we çuňňur many-mazmuna baý bolan şygyrlarynda türkmeniň asylly ýörelgelerini, millilik, agzybirlik, dost-doganlyk,watançylyk ýaly pikir garaýyşlary ussatlyk bilen beýan edilýändigi şeýle-de onuň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýaş nesle ylym-bilim we terbiýe bermekde umumadamzat gymmatlyklaryny olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedigi hem-de häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň mertebesi has-da belende göterilip dünýa ýüzünde tanalmagy, onuň goşgularynyň uly söýgi bilen okalýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza uly hormat goýýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.