“Watany goramak mukaddes borç” atly söhbetdeşlik


“Watany goramak mukaddes borç” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde “Watany goramak mukaddes borç” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillerimiziň bagtyýar, sagdyn bedenli, ylymdan, tehnikadan baş çykarýan, hakyky watançylar bolup ýetişmegi üçin uly alada edýändigi barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de Watanyň her daban ýeriniň mukaddesdigi, keramatlydygy, şu Watana, şu topraga gulluk etmegiň, ony gözüň göreji ýaly goramagyň mukadesdigi barada buýsançly çykyşlar edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly eserlerinde ündelýän watançylyk ýörelgeleri, onuň terbiýeçilik ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy.
Çäräniň dowamynda mekdebiň okuwçylary edermen Watan goragçylarymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Watany goramak mukaddes borç” atly kitap sergisi okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.