Pyragynyň arzuwlan zamany geldi


Pyragynyň arzuwlan zamany geldi

Balkan welaýat Çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Balkanabat şäheriniň 18-nji orta mekdebinde «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» ady bilen bäsleşik geçirdi.

Okuwçylar öz aralarynda akyldar şahyryň goşgularyny labyzly okamakda hem-de onuň many-mazmuny barada sowal-jogaply bäsleşikler geçirildi. Şahyryň goşgularyndan aýdymlar, goşgular höwes bilen ýerine ýetirildi. Şahyryň kitaplaryndan sergi gurnaldy. Gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Çärämiziň ahyrynda kitaba, kitaphanalara uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.