Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 134-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni okgunly ösüşlere, şanly wakalara beslenýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda toý-baýramlar, hünär baýramçylyklary döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
Çärede çykyş edenler her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilýänligi, şeýle hem şu ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jildli ylmy-ensiklopedik eseriniň 14-nji jildini sowgat bermegi ähli ildeşlerimizi begendirendigi barada aýdyp geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda dermanlyk ösümlikleriň 118-si barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýändigini, türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenilmegi ynsan saglygyny berkitmäge ýardam berýändigi barada durup geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny goramakda uly işleri alyp barýan alym Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uly alkyşlar aýdyldy.