«Açyp kitaby dessine...»


«Açyp kitaby dessine...»



Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň bu goşgy setiri köpimize tanyş bolsa gerek. Kitaphana işgärleri üçin bolsa bu diňe bir goşgy setirleri bolman, eýsem, her bir okyjynyň aňyna ýetirilmeli paýhas dürdäneleri.
Açyp kitaby dessine,
Kelläňi egseň üstüne.
Ak kagyzdan ak ýalkymlar,
Ak ýüzüne düşýär ýene.
Röwşenlenýär gara gözler,
Düre dönýär dana sözler.
Seň öňüňde syryn açýar,
Giň deňizler, daglar, düzler...

Bu setirleri okanyňda «Älem syry kitap bilen açylýar» diýen jümle biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýazyjy-şahyrlarymyz dürli döwürlerde kitap hakynda şygyr döredipdirler, hekaýa ýazypdyrlar, bu ruhy çeşme hakynda halk içinde rowaýatlar aýdylypdyr. Düre dönýän däne sözleri özünde jemleýän kitap ruhy çeşme bolup, ol biziň maslahatçymyz, syrdaşymyz, köňül ganatymyzdyr. Halkymyz kitaba aýratyn hormat goýýar. Ruhy hem medeni gymmatlyklarymyz bolan kitaplar ýurdumyzyň çar künjegindäki kitaphanalarda saklanýar.
Ýurdumyzyň kitaphanalary hakynda gürrüň edilende, gadymy Lebap topragynda ýerleşýän Hojambaz etrap merkezi kitaphanasynyň 90 ýyldan gowrak wagt bäri halkymyza hyzmat edip gelýändigini buýsanç bilen aýtmak bolar. Kitaphana 1927-nji ýylda işläp başlaýar. Şol wagt onuň kitap gory hem, okyjy sany-da onçakly köp bolmandyr. Ýyllaryň dowamynda kitaphananyň hazyna gory köpelip, okyjy sany artyp başlapdyr.
Halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmekde, ony sarpalamakda, ýaşlary ruhy we ahlak taýdan terbiýelemekde, olaryň bilimlerini, düşünjelerini artdyrmakda kitaphanalara uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz kitaphana işine aýratyn üns berýär, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarda hereket edýän kitaphanalaryň işiniň döwrebap, täze tehnologiýalar esasynda ýola goýulmagyny gazanýar. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi kitaphana işiniň ilerlemegine, çygrynyň giňelmegine has-da itergi berdi. Şolaryň hatarynda biziň kitaphanamyz hem giňeldilip, Beşir we Burdalyk şäherçelerinde kitaphana şahamçalary işläp başlady. 42 müň 685 sany kitap goruny özünde jemleýän kitaphanamyzyň okyjy sany 6 müňden geçýär. Many-mazmunly kitaplara baý kitaphanada okyjylara elipbiý, pudaklaýyn hem-de elektron kataloglaryň üsti bilen hyzmat edilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri kitaphanamyzyň kitap goruny öňküden-de baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan ajaýyp eserleri boýunça okyjylar köpçüliginiň arasynda geçirilýän edebiýat agşamlarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, çeper okaýyşlaryň, dabaraly maslahatlaryň, sergileriň gowy netije berýändigini bellemeli. Şeýle çärelere etrabymyzyň ýaşuly nesliniň gatnaşdyrylmagy, olaryň täsirliligini has-da artdyrýar, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şeýle çäreler yzygiderli geçirilýär.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Akgül JUMAÝEWA