“Saglygymyz - baýlygymyz”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglygymyz-baýlygymyz” ady bilen lukman bilen duşuşyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, bedenterbiýäniň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, sagdyn bedende sagdyn ruhuň emele gelmegi üçin sport bilen meşgullanmagyň zerurdygy, munuň üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi barada täsirli gürrüň berdiler.
Şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli kitap sergisi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabyndan adam saglygyna peýdaly dermanlyk ösümlikleriniň ulanylyşy we onuň taýýarlanylşynyň aýratynlyklary barada täsirli çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.