Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk bilen geljegiň ýagty, geçmişiň arzuwy şu günüň bagty” ady bilen doredijilik duşuşygy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk bilen geljegiň ýagty, geçmişiň arzuwy, şu günüň bagty” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistan ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Çärede çykyş edenler bu arzyly baýram halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna erkinligi bagyşlandygy, halkymyz üçin hem Garaşsyzlyk baýramy mukaddeslik derejesine ýetendigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa öz ylhamyndan dörän goşgy setirleriniň üsti bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspyny ýetirdi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna amala aşyrýan işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.