,,Sowulmazdyr bahar-ýazyň, jan Watanym Türkmenistan!’’


,,Sowulmazdyr bahar-ýazyň, jan Watanym Türkmenistan!’’



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynda “Sowulmazdyr bahar-ýazyň jan Watanym Türkmenistan!” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede halkymyzyň köňül arzuwyndan hasyl bolan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan täze, 2022-nji ýyly garşylaýan pursatlarymyzda hormatly Prezidentimiziň “Jan Watanym Türkmenistan!” atly ajaýyp goşgusyny halkymyza sowgat bermegi Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň:

Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!


-diýen belent ruhda başlanýan bu ajaýyp goşgusynda ata Watanymyzyň keremli topragyny, keramatly asuda asmanyny, agzybir halkymyzy, abadan durmuşymyzy, zähmetsöýer ogul-gyzlaryny uly ruhubelentlik bilen wasp edýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.