“Biz bagtyýar döwrüň çagalary”
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri”
hem-de “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap, “Biz bagtyýar döwrüň çagalary” atly söhbetdeşligini geçirdi.
Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri Hormatly Prezidentimziň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Şeýle-de ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizi goşgularynda wasp edip ýazýan birnäçe şahyrlar barada aýdyp berdiler. Çagalar hem öz gezeginde ata Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary ýatdan labyzly aýdyp, özara bäsleşdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda bize şeýle gymmatlyklary döredip beren Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.