Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ atly täze çapdan çykan ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy


Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ atly täze çapdan çykan ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy



Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilelikde gurnamagynda B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Aşgabat şäher Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, Döwlet kitaphanasynyň işgärleriniň hem-de ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ atly täze çapdan çykan ensiklopedik kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri “ atly ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XIII jildiniň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler we bu gymmatly kitabyň elimize gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynyň biziň pederlerimiziň örän baý bolan mirasyny, meşhur alymlaryň we lukmanlaryň, halk tebipleriniň tejribesinden dörän gymmatlyklary öwrenmekligiň dowamydyr diýip bellediler.
Dabaranyň soňunda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.