«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri»


«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri»



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХII jildi biziň elimize gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby iki bapdan ybarat bolmak bilen 120 sany dermanlyk ösümlik barada giňişleýin maglumat berlip, Türkmenistan döwletiniň raýatlarynyň saglygyny has-da berkitmegi şeýle-de ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegi üçin ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem kitaphana gelýän ýaşajyk okyjylarynyň, kitap söýüjileriniň arasynda Milli Liderimiziň bu täze kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly ylmy-ensiklopedik eseriniň güneşli ýurdumyzyň sagdyn durmuşyny wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman ilatyň saglygyny gorap saklamakda uly ähmiýete eýe bolan keramatly topragymyzda bitýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.