“Mirasyň bezegi – türkmen lybasy”atly söhbetdeşlik


“Mirasyň bezegi – türkmen lybasy”atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Owadan” toý hyzmatlary merkezinde “Mirasyň bezegi – türkmen lybasy” ady bilen bilesigeliji okyjylarymyzyň arasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen lybaslarynyň ýaraşygy bolan ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Türkmen zenanynyň görküne görk goşýan milli kürteler, ajaýyp şaý-sepler, keteni köýnekler şeýle-de türkmen ýigidiniň milli egin-eşikleri, olaryň bezeg aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylarymyza täsirli gürrüňler berdiler.

Türkmen milli lybaslary esasynda gurnalan göçme sergi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.