Medeniýet – milli baýlyklaryň altyn täji




Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji sazçylyk sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet – milli baýlyklaryň altyn täji” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi we kitap sergisi gurnaldy. Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekki nesillerimize ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýanlygy, türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly eserleriniň ýüreklerde baky ýaşaýanlygy we şahyryň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlarynyň ýaş nesillerimizi terbiýelemekde ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny, ýurdumyzyň medeniýe-tini açyp görkezýän edebiýatlar hem-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplary ýerleşdirildi. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji sazçylyk sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.