“ Gendir deňligi – zenan zeminiň zynaty ”


“ Gendir deňligi – zenan zeminiň zynaty ”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynda “ Gendir deňligi – zenan zeminiň zynaty ” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede zenan sarpasynyň jemgyýetimizi pugtalandyrýan güýç bolup, ýurdumyzda zenanlarymyza hormat goýmagy, enelerimize mukaddeslik derejesinde garamak adata öwrülendigi hem-de gendir deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda erkekleriň we aýallaryň deň mümkinçiliklerine hukuklara we jogapkärçiliklere eýe bolan jemgyýetini göz öňünde tutulýandygy şeýle-de ylym-bilimde we saglygy goraýyşda deň ygtyýarlyklara eýe bolmaklary, durmuşda aýallara jemgyýetiň ösüşiniň dürli ulgamlarynda ygtyýarlyklaryň we has giňişleýin mümkiçilikleriň berilmegi, jynsyna garamazdan, adamlary ösüşlere, deňlige, sagdyn ýaşaýşa, düşünjeli, ylymly – bilimli bolup, öz hak – hukuklaryny gazanmaga çagyrýandygy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köp çagaly enelerimize aýratyn ýeňillikler döredýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.