“Eziz Arkadagly bagtyýar Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar!”


“Eziz Arkadagly bagtyýar Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar!”



“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uly buýsanja, uly joşguna beslenip toýlanar.
Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty diýseň buýsandyryjydyr. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany söýmek bagtyna eýe bolan türkmen halkynyň Garaşsyzlyk toýy hem-de ony dabaraly ýagdaýda bellemek indi däbe öwrüldi. Munuň özi mähriban Arkadagymyza, eziz Watanymyza halkymyzyň ýürek buýsanjy bolup ýaňlanýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda ykdysadyýetimiziň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň, oba hojalygynyň görkezijilerinde ýetilen sepgitler bolsa, bu gün asyrlara barabardyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Eziz Arkadagly bagtyýar Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Döwür bagtyýardyr Arkadag bilen!” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.