«Zehin güzerini boýlan halypa» atly döredijilik duşuşygy geçirildi


«Zehin güzerini boýlan halypa» atly döredijilik duşuşygy geçirildi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri halypa şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap «Zehin güzerini boýlan halypa» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyga Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň kitaphanaçylary we döredijilik işgärleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda zehinli şahyryň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Şahyryň döreden ajaýyp şygyrlary baradaky gürrüňler çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Gurnalan sergi hem uly täsir galdyrdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiligini giňişleýin öwrenip, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.