“Kitap okan dünýäni görer”


“Kitap okan dünýäni görer”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynda “Kitap okan dünýäni görer” atly gezelenç gurnaldy.

Kitap bilimiň çeşmesi bolup ony söýmek, oňa sarpa goýmak adamyň giň dünýägaraýşyny, ylma-bilime teşneliginiň nyşany. Türkmen halky özüniň köp müňýyllyk taryhynda kitaba aýratyn uly sarpa goýupdyr.

Gezelenje gelen çagalary, çagalar üçin niýetlenen ertekili kitaplardan gurnalan sergi bilen tanyşdyryldy, hem-de olar bilen sorag-jogap alyşyldy, çagalar boş wagtlary kitaphana gelip öz gözýetimlerini giňeldip, bilimlerini artdyrmaklaryny, olaryň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, kämil ösen şahsyýetler edip ýetişdirmek, yhlasly okamaklary, ylmy we edebi döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýändigi barada aýdylyp geçildi.

Gezelenjiň dowamynda kitaphanaçy çagalary kitaphana gaznasynda bar bolan edebiýatlar barada giňişleýin maglumatlar berdiler we gurnalýan kitap sergiler bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Gezelenjiň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň okamaga öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.