Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi


Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim- paýhasly, tagallalary bilen barha joş alýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyr Gurbannazar Ezizowyň ölmez-ýitmez eserleri ýaşaýşymyzy gülletmekde, ýaş nesillerimizi terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çärede Türkmeniň ezizläp eý görýän şahyry ýaşlarymyzyň dilinden düşmeýän, aramyzdan juda ir giden görnükli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijilik ýoly barada gürrüň edildi we mekdep okuwçylary şahyryň birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler we goşgulary ýatdan aýtdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda, türkmeniň medeniýetine, sungatyna ýazyjy-şahyrlarymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.