“Bagtyýar ýurdumyzda bagtly çagalar”


“Bagtyýar ýurdumyzda bagtly çagalar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda, Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň, 4-nji çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar we hor toparlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda ýerleşýän “Daşkent” seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar ýurdumyzda bagtly çagalar” ady bilen aýdym – sazly çagalar baýramçylygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler bu günki gün ýurdumyz bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülendigi, çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin birnäçe dynç alyş seýilgähleriň gurulandygyny, ýurdumyzyň bagtyýarlygy, ertirki günüň aýdyňlygy ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladalardan gözbaş alýandygy, olaryň sagdyn ösüp ulalmagy, asylly terbiýe almagy, geljekde giň düşünjeli-gözýetimli, ylymly-bilimli, watanymyzy dolandyrjak ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräň dowamynda çagalaryň söýüp okaýan türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden kitap sergisi, Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň, çagalarynyň çeken suratlarynyň sergisi we 4-nji çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar we hor toparlary birnäçe aýdym – sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda elmydama çagalarymyzyň ýagty geljegi üçin, olaryň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, beýik işleriniň elmyda üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.