“Salam tomus!”


“Salam tomus!”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Salam tomus!” ady bilen sergi gurnaldy we çeper okaýyş geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň okamagy, rahat dynç almaklary we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýändigini bellemek bilen çagalara tomusky dynç alyş möwsüminde gyzykly kitaplary, türkmen halk ertekilerini okamagyň hem özboluşly täsiriniň bardygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de çaganyň terbiýesiniň kemala gelmeginde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, çagalara köp kitap okamak bilen gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň giňelýändigi barada aýratyn belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda çagalar “Türkmen halk ertekileri” atly kitapdan “Jadyly sözüň güýji”, “Akylly çopan”, Müň dost, hakykysy bir dost” atly birnäçe gyzykly ertekileri okap berildi we ertekileriň gahrymanalary barada sorag-jogap alyşyldy. Bu bolsa çärä gatnaşan körpe nesillerde uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.