«Gözellik göwheri – türkmen halysy»
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, «Haly – türkmeniň kalbydyr» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşyga kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, kitap söýüjileri hem gatnaşdylar. Olar türkmen halysynyň milli baýramyna bagyşlap, goşgulary, aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de «Haly – türkmeniň kalbydyr» ady bilen gurnalan göçme kitap sergisi ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesil barada edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.