Magtymguly Pyragynyň öwüt - ündew goşgularyndan


Magtymguly Pyragynyň öwüt - ündew goşgularyndan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň öwüt - ündew goşgularyndan» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde, ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu bolsa dana şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlaryň beýan edilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.