“Saglyk gymmatly baýlyk”


“Saglyk gymmatly baýlyk”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Saglyk gymmatly baýlyk” ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi we göçme sergi gurnady.
Çärede eziz diýarymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesil, onuň saglygy we goraglylygy ugrunda alnyp barylýan beýik işler şeýle-de häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpelerimiz ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde, rahat, asuda dynç alyp wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýän, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy hem-de döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk , ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.