“Terbiýeli nesil-ynamly geljek”


“Terbiýeli nesil-ynamly geljek”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Çeşme” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Terbiýeli nesil-ynamly geljek” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Çagalaryň tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda dynç alyşda wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri şeýle-de körpe nesilleriň terbiýesinde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalara köp kitap okamak bilen gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda çagalaryň okan kitaplary, ertekileri, goşgulary barada sorag-jogap alyşyldy we olar tapmaçadyr, matallary çözmekde özleriniň ukyp- başarjaňlygyny görkezdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.