“Toý ýaşly şahyr”


“Toý ýaşly şahyr”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň 110 ýyllygyna bagyşlap “Toý ýaşly şahyr” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede döwrüň edebiýatynyň, aýratyn hem, poeziýa žanrynyň liriki gahrymanyny öz halky bilen deň hereketde bolup, deň derejede-de olar bilen baglanyşykly döwür basgançaklaryny jebisleşdirýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de gymmatly eserleriň biri ýazyjynyň “Söýgi” romanydyr, onda öňe sürülýän esasy pikir türkmen durmuşynyň milli alamatlaryny özünde jemleýän eseriň poeziýa žanrynda ýazylmagy onuň ähmiýetini ýokarlandyrýandygy, şonuň ýaly-da, aýratyn ýaşlar tarapyndan sarpa goýulyp okalýan bu eseriň özboluşly milli derejede kesgitli orny bardygy, eseriň gahrymanlary söýginiň jepasyny, hesretini, gussasyny başdan geçirýändikleri, birek-birege wepadarlygyň asylly hem belent nusgasyny görkezýändigi barada pikir alyşdylar. Ýazyjy şahyr barada mugallymlar, kitaphana işgärleri hem-de Aman Kekilowyň iki sany çowlygy babasy barada gyzykly gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda myhmanlar Aman Kekilowyň mekdep muzeýine aýlanyp şahyryň iş otagyndaky ulanan esbaplary barada gyzykly gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda beýik şahyrlaryň sarpasyny belentde tutýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.