“Milli terbiýe-bagtyýar geljegiň ajaýyp miwesi”


“Milli terbiýe-bagtyýar geljegiň ajaýyp miwesi”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalaryň sagaldyş we dynç-alyş merkezinde “Milli terbiýe-bagtyýar geljegiň ajaýyp miwesi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.br> Çärede hormatly Prezidentimiziň eserleriniň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti barada, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, çagalaryň döwrebap bilim almagy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi, ýurdumyzda sagdyn we ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleriň alnyp barylýanlygy hem-de ata-babalarymyzdan miras galan edep kadalary biziň jemgyýetimizde, sagdyn bedenli we döwrebap düşünjeli ýaş nesliň kemala gelmeginiň gözbaşy bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi. br> Şeýle hem gurnalan göçme kitap sergisinde Hormatly Prezidentimiziň eserleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy beýan edýän dürli görnüşli kitaplar ýerleşdirildi we şol kitaplar bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. br> Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde edilýän aladalara, döredilýän mümkinçiliklere buýsanýan çagalar özleri barada uly aladalar edýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan etdiler.br>