«Howandarly, Hakdan halatly bedew»


«Howandarly, Hakdan halatly bedew»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli kitaphana igärleriniň arasynda giňişleýin söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň başy hormatly Prezidentimiziň bedewler hakyndaky ajaýyp kitaplary barada, şonuň bilen bir hatarda Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan türkmen bedewlerini wasp edýän eserler dogrusynda başlandy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzyň ajaýyp nusgasy, öz gözelligi, owadanlygy bilen dünýäni haýran eden türkmen bedewleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan «Türkmen aslyýeti- ganynda bedew, Berkarar Döwletiň şanynda bedew» ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy. Söhbetdeşligiň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.