Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky Döwlet umumubilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi tarapyndan welaýatyň etrap bilim bölümleriniň umumubilim berýän orta mekdepleriniň kitaphana işgärleri bilen bilelikde “Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde kitaphana işleriniň ýola goýluşy” atly usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi.

Usuly –amaly maslahatynda çykyş edenler “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna,”Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň kitaphana işleri baradaky düzgünnamalaryna hem-de görkezmelerine laýyklykda kitaphana işiniň guralyşy we kämilleşdirilişi” atly temadan söhbet etdiler.

Usuly-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak alyp barýan döwletli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.