Ak arzuwlaň hasyl boldy Pyragy


Ak arzuwlaň hasyl boldy Pyragy



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ak arzuwlaň hasyl boldy Pyragy” ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli medeniýetimizi ösdürmäge, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerini çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýänliginden ugur alyp, öz halkynyň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy türkmen halkynyň milli baýlygydygy dogrusynda hem-de arassa ahlaklylyga, ynsanperwerlige, zähmetsöýerlige, halallyga çagyrýan paýhas ummanyndan dörän eserleri wagyz edildi.
Bu çärede gurnalan göçme kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleri, şahyry wasp edýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi we şahyryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berildi. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň medeniýetini ösdürmekde, öwrenmekde we baýlaşdyrmakda uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.