Ýaşlara ynam - geljege ynam
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlara ynam - geljege ynam» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky jaýdar pikir-garaýyşlary çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ýaş nesilleri bilim öwrenmäge, ýurdymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda beýan edilýän nesihatlary ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmek asylly däbe öwrüldi. Bu ajaýyp kitap ylym-bilimi ösdürmekde, nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gymmatlykdyr. Bu parasatly pikirlerde nusgalyk ýol, beýik ýörelge bar. Şonuň üçin hem bu nusgalyk ýoly öwrenmek siz ýaşlar üçin mukaddeslik, buýsanç hem-de uly borç bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň eşretli ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän, ýaş nesillerimize okamaga, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.