Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda «Bilimler we talyp-ýaşlar» güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebinde geçirilen «Ilkinji jaň kakmak» dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda ak mekdebe uly höwes bilen ilkinji ädimini ädýän körpejeleriň aýdan goşgudyr, aýdymlary aýratyn şowhun döretdi. Birinji synpa gadam basan çagajyklara Harplyk kitaplary, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýlary bolan kompýuterler uly şowhun bilen gowşuryldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan «Meniň ilkinji dostum - kitap» atly kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimize uly ynam bildirip, olara ähli ugurlar boýunça ýurdumyzy ösdürmäge giň mümkinçilikler we ýokary derejede şertler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.