Milli medeniýetimiz – köňülleriň buýsanjy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetimiz – köňülleriň buýsanjy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa bu döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň milli medeniýetiniň, sungatynyň has-da pajarlap ösmeginde giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirýändigini bellemek bilen Gahryman Arkadagymyzy, türkmeniň milli medeniýetini, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän birnäçe ajaýyp şygyrlaryny okap berdi.
Çäräniň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen döredijilik duşuşygynda şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulyp, şahyryň egsilmez ruhy hazynasy özünden soňky nesilleri halka, ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada giňişleýin çykyş edildi hem-de baýramçylyk mynasybetli kitap sergi hem gurnaldy.
Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.