Ahalteke atlary halkymyzyň milli buýsanjy


Ahalteke atlary halkymyzyň milli buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ahalteke atlary halkymyzyň milli buýsanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ýurdumyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy bolup durýan ganatly bedewleriň gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedigi, milletiň baý taryhy ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy, bedewlerimiz hemişe halkymyzyň wepaly dostlary bolandyklary, uçmahy bedewlerimiz bilen bagly rowaýatlaryň, tymsallaryň, nakyllaryň halkymyzyň aňyna ornandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.