«Watanym berkarar, ilim bagtyýar»


«Watanym berkarar, ilim bagtyýar»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrap Medeniýet köşgi bilen bilelikde gurnamagynda «Watanym berkarar, ilim bagtyýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitaplaryndan okyjylara gürrüň berildi. Bulardan başga-da Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň çeperçilik bölüminiň okuwçylarynyň Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edip çeken suratlary dabaranyň has-da täsirini artdyrdy. Dabaranyň soňunda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.