“Gahryman Arkadagymyzyň – kitaplary halkyň ruhy hazynasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada “Gahryman Arkadagymyzyň – kitaplary halkyň ruhy hazynasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly eserleri ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerlik, Watana, halka wepalylyk, geçmişimize, şu günümize buýsanç ruhunda terbiýelemekde, olarda asylly ahlak sypatlaryny kemala getirmekde we başarjaň, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan kemal tapan we durmuşymyzyň dürli ugurlaryna bagyşlanan ajaýyp eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, okyjylar köpçüligine elýeterli edilenligi dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle gymmatly ylmy çeşmeleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyza, halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan
hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.