“Goşa mukaddesligiň baýramy”


“Goşa mukaddesligiň baýramy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 66-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Goşa mukaddesligiň baýramy” ady bilen tematiki agşam geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Esasy Kanunymyz bolup durýandygy, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň başymyzyň taji, berkararlygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň we belent mertebämiziň nyşanydygy, şeýle-de Baýdak dünýäniň ähli döwletlerinde Watan hakyndaky mukaddes düşünjeleri kesgitläp, halkyň milli özboluşlylygyny we ruhy ýörelgelerini beýan edýän gymmatlyk hökmünde ykrar edilendigi barada täsirli gürrüň berdiler. Çäraniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.