Kitap adamzadyň ruhy hazynasy


Kitap adamzadyň ruhy hazynasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Kitap adamzadyň ruhy hazynasy» ady bilen Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasynyň bardygyna aýdyň göz ýetirýär, ata-babalarymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary tutuş adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýandygy, olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň biziň günlerimize gelip ýetendigi, şeýle-de ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri şu günki günde hem milli mirasymyzyň saldamly bölegini düzýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda okyjylar köpçüligine gowşan täze kitaby, biziň her birimizi buýsandyrýandygy barada belläp şeýle ajaýyp kitaplary bilen halkyny ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.