“Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti”


“Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 130-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän kitap gadymdan gelşine görä, häzirki zaman jemgyýetinde hem medeni we aň-paýhasyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, halallyk, bir sözlülik ýaly türkmeniň öňden gelýän milli ýol-ýörelgeleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýesi, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bilup geçýän kitaplarynyň bu günki gün, diňe bir türkmen halkynda däl eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma döredip, her bir adam üçin uly gollanma bolup durýandygy, bu kitaplaryň biziň her birimiziň ýankitabymyza öwrülendigi barada çärede çykyş edenler giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda okuwçylaryň goýan edebi-kompozisiýasy, nutuklary, rowaýatlar esasynda goýan gysgajyk sahnalary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary bilen türkmen halkyny begendirip duran, her bir adamy üstünlikden-üstünlige ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.