“Pyragynyň arzuwlan zamany geldi”


“Pyragynyň arzuwlan zamany geldi”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Pyragynyň arzuwlan zamany geldi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň diňe kitaplara däl-de, eýsem, köňüllere dolan şahyrdygy we onuň sözleri her bir adam üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy, çünki onuň setirleriniň sahawatlylyk, halallyk, päklik, mertlik, pähim-parasatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilendigi, şahyryň goşgularynyň her biri ýaş nesillerimizde edep-terbiýäniň ýokarlanmagyna ýardam edýänligi barada täsirli gürrüň berdiler.
Mekdep okuwçylarynyň okan goşgulary, ýerine ýetiren gysga görnüşli sahnalary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy bolan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döreden, ýurdumyzda ruhy gymmatlyklary hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işeriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.