“Ömrümiň manysy”


“Ömrümiň manysy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 50256-njy harby bölümiň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärede “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyň mukaddes oraza aýynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitaby elimize gowuşmagy ýatdan çykmajak şatlykly waka öwrüldi. Täze eserde Gahryman Arkadagymyzyň ömüriniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlar, halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyz barada söhbet edilýändigi şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap çuňňur filosofik many-mazmunly, tarhy, medeni we geografik ensiklopediýasy bolup, onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ýurdumyzyň iňňän gadymy taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetiň ahlak hem durmuş ýörelgeleri barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan çykan hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen nobatdaky taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ajaýyp kitaplary bilen halkyny begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.