Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” atly kitabyndan
Aşgabat şaher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenstandartlary” Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan ýaş nesillerimiziň arasynda “Japbaklar” atly kitabyndan sesli okaýyş çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi barha gyzgalaňly dowam edýänligi, “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň ýaşajyk oglan, gyzlarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe ertekileriň gahrymanlarynyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de çagalar, esasan hem, Berdi Kerbabaýewiň dürli ýyllarda çagalara niýetläp, ençeme kämil eserleri döredip, onuň “Japbaklar”, “Jonnuk-batyr” ýaly gyzykly powestleri, ertekileri, “Kimbilmeşek” ady bilen neşir edilen tapmaçalar durmuşyň agyr günlerinde kynçylyga döz gelen dört doganyň ugurtapyjylygy şadyýan hereketleri bagtyýar çagalarda uly täsir galdyrýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda ertekilerdäki gahrymanlaryň adalat, agzybirlik dostluk, halkyň bagtly durmuşy, azatlyk ugrundaky berlen gürrüňleri çagalar üçin dynç alyş möwsüminde ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.
Çäräniň ahyry türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.