Il - günümiň begenjidir, ýaşlar – Watanyň daýanjydyr


Il - günümiň begenjidir, ýaşlar – Watanyň daýanjydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Il - günümiň begenjidir, ýaşlar – Watanyň daýanjydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitaby «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanmagy ýaşlary has-da ruhubelentlige ruhlandyrýanlygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby ýaş mekdep okuwçylarynyň ýüreginde hem durmuşa bolan uly hyjuw döredenligi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.