“Kitap – paýhaslar hazynasy”


“Kitap – paýhaslar hazynasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda “Kitap – paýhaslar hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Kitaplar ynsan kalbyna nur çaýýar. Halkymyz parasatly pikirleri özünde jemleýän kitaplara hemişe uly sarpa goýupdyr. Kitap biziň ruhy baýlygymyzyň egsilmez hasynasyna öwrüldi. Taryha ser salanymyzda, halkymyzyň kitaby näderejede galdyrýandygyna, olary geljekki nesillere ýetirmek üçin uly alada edendigine göz ýetirmek bolar.

Söhbetdeşlikde kitap ynsany ylmyň belentliklerine tarap alyp gidýändigi, kitaby okamagyň peýdasy dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten nakyllarda, atalar sözünde beýan edilendigi, ata –babalarymyzyň kitap okalanda diňlemegi hem olaryň çeper söze, edebiýata goýýan hormatyndan nyşanydygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi döretmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.