Iki dostlukly ýurduň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty
2020-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Ermenistan döwletleriniň kitaphanalarynyň arasynda onlaýn maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen bu onlaýn maslahata ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap, Balkan, Daşoguz welaýat kitaphanalary, şeýle-de Ermenistanyň ilçihanasy hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärleri işjeň gatnaşdylar. Onlaýn maslahatyň dowamynda iki ýurduň kitaphana işi barada giňişleýin çykyşlar gurnaldy. Iki ýurduň kitaphana işini kämilleşdirjek maslahata gatnaşan hünärmenler kitaphana işini döwrebap guramak, dünýäde gazanylýan ösüşlere kybap ösdürmek hem-de täze girizilýän hyzmatlar dogrusynda pikir alyşdylar. Kitapsöýerleriň islegleriniň ösmegi bilen, häzirki wagtda elektron kitaphana ulgamynda durmuşa geçirilýän işler hakynda hem sowal-jogap alşyldy.
Mälim bolşy ýaly, döwrüň ösmegi, innowasiýa ulgamynyň kämilleşmegi netijesinde, dünýäde tas ähli kitaplar diýen ýaly elektron görnüşde okalýar. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Bu belli bir babatda kitaphana işiniň döwrabaplygyny ýola goýmaga, ösen döwrüň okyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga, umuman, kitaphana işiniň netijeliligini artdyrmaga uly itergi berýär. Elektron kitaphana ulgamynda okyjylar islän kitaplaryny çalt we örän aňsat tapyp, okamaga ýa-da ýükläp almaga mümkinçilik alýarlar. Dostlukly ýurduň kitaphana hünärmenleri hem şu günlerde alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň hünärmenleri-de onlaýn maslahatyň dowamynda häzirki wagtda alyp barýan işleri hakda beýan etdiler.
Şeýle täsirli gürrüňdeşlikde geçen bu onlaýn maslahat iki ýurduň kitaphana hünärmenleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has hem berkitmeklige uly ýardam berer.
Onlaýn maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda dostlukly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.