Beýik akyldaryň pähim-paýhasy, ýaşlar üçin görelde


Beýik akyldaryň pähim-paýhasy, ýaşlar üçin görelde

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly seýilgähinde «Beýik akyldaryň pähim-paýhasy, ýaşlar üçin görelde» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde onuň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary hem belentden-belent ýaňlanýandygyny, Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdygyny, Magtymguly atamyz diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman eýsem, dünýä halkarynyň hem şahyrydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň adyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.