“Saýra, dutarym, saýra! ” atly söhbetdeşlik


“Saýra, dutarym, saýra! ” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde türkmen milli saz guraly “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girmegi mynasybetli “Saýra, dutar, saýra! ” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň milli aýdym-saz sungatymyzy ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmekde alyp barýan işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny barada bilesigeliji okyjylarymyza aýdyp berdiler. Şeýle-de dutar saz guralynyň ýasalyş aýratynlygy, onda çalynýan şirin sazlar barada çagalar bilen gyzykly söhbet etdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.