Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitap muzeýine syýahat


Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitap muzeýine syýahat



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitap muzeýine syýahat etdi.

Syýahatyň dowamynda hünärmenimiz hem-de bilesigeliji okyjylarymyz muzeýde ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldarlary, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň saýlanan eserleri, seýrek duş gelýän el ýazmalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ençeme poemasy, şygyrlary barada täsirli maglumatlar syýahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Kitap muzeýine syýahatyň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini has giňişleýin öwrenip, ýaş nesillere wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.