Kitap-täsinlikler dünýäsi


Kitap-täsinlikler dünýäsi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Kitap - täsinlikler dünýäsi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde türkmen halk döredijiligi söz sungatynyň başlangyjydyr, egsilmez hazynasydyr, türkmen halk ertekileri kyssalaryň täjidir, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdan asylly çeper dünýäniň hazynasydyr. Onda ata-babalarymyzyň çeper gözlegleri, çeperçilik açyşlary, aň-düşünjesi, synçylygy jemlenipdir.

Türkmen halk ertekileri gadymy söz sungatydyr diýip ertekileriň döreýşi barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de “Türkmen halk ertekileri” atly kitap esasynda dürli ähmiýetli ertekiler okap berildi we olaryň gahrymanlary barada-da giňişleýin sorag-jogap alyşyldy.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.