“Pyragy arzuwlan zamanaň geldi”


“Pyragy arzuwlan zamanaň geldi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Pyragy arzuwlan zamanaň geldi” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek, öz gymmatyny peseltmejek ajaýyp şygyrlary, halkymyzyň geçmişdäki durmuşyny, ýaşaýşyny, isleg arzuwlaryny doly şöhle-lendirýändigini, Magtymgulynyň adamzat nesliniň hemişelik genji–hazynasyna öwrülen, biri birinden gymmatly, terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlary diýseň belentden ýaňlanýandygy, birek birege hormat goýmak, adamlara eliňden gelen ýagşylygy etmek, ýaly birnäçe öwüt-ündewleri ündeýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ylmyň, edebiýatyň, sungatyň dürli ugurlarynda miras galdyran beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.